Howa syýasaty ulgamynda esasy waka, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Çarçuwaly konwensiýasynyň tarapdarlarynyň 31-nji maslahaty (COP31) duşenbe güni Türkiýäniň Antalýasynda öz işine başlady. Oňa 100-den gowrak döwlet lideriniň gatnaşmagyna garaşylýar diýip, «ria.ru» habar berdi.
Awstriýa bu sammiti geçirmek nobatyny Türkiýä berip, oňa bilelikde başlyklyk etmekden ýüz öwrüpdi.
Maslahat meýdany 110 gektar bolan sergi merkeziniň çäginde geçýär, onda 159 sany sergi bölümi hem-de wekilçilikli toparlaryň 90-synyň ofisi ýerleşýär. Çärä gatnaşmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üç müňüsi ýüz tutdy.
Essy sammit 11 — 12-nji noýabrda bolar. Oňa 102 döwletiň liderleri hem-de ministrleriň 300-den gowragy gatnaşmakçydyklaryny tassykladylar.
