Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçiriljek Liderler sammitine gatnaşmagyna garaşylýar. Türkiýäniň «Mynet» neşiriniň şu gün habar bermegine görä, 11-12-nji noýabrda geçiriljek Liderler sammitine dünýäniň dürli ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylary gatnaşarlar. Sammit Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň başlyklyk etmeginde geçiriler. Neşiriň maglumatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem bu çärä gatnaşjak wekilleriň hatarynda görkezilendigi bellenilýär.
Ýeri gelende bellesek, COP31 maslahaty 9 – 20-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahaty dünýä döwletleriniň wekillerini, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, alymlary we jemgyýetçilik wekillerini bir ýere jemleýär. Maslahatyň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, daşky gurşawy goramak, suw joşmalary we gurakçylyk ýaly howa töwekgelçiliklerine taýýarlyk görmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garalar.
Türkiýe COP31 maslahatyna ilkinji gezek ýer eýeçiligini edýär. Maslahatyň başlygy wezipesine Türkiýäniň daşky gurşaw, şäher gurluşygy we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Murat Kurum bellenildi.
