Turkmenportal
Düýn 22:28
46194619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Balkanly babadaýhanlar pagta tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler
Balkanly babadaýhanlar pagta tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler

Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary pagta öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna ak altynyň bol hasylyny tabşyrdylar. Bu barada şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýewiň hasabatynda bellenildi.

«Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häkim bu ugurda döredilýän ähli şertler hem-de hemaýat-goldawlary üçin welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň ussat babadaýhanlarynyň Watan harmanyna pagta hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri bilen welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny hem-de oba hojalyk işgärlerini gazanan zähmet üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olara täze rowaçlyklary arzuw etdi.