Turkmenportal
Düýn 11:04
56635663
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ysraýylyň Prezidenti syýasatçy Aýzenkota Ministrler Kabinetini düzmegi tabşyrdy
Ysraýylyň Prezidenti syýasatçy Aýzenkota Ministrler Kabinetini düzmegi tabşyrdy
Surat: centralasia.media

Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersog ýekşenbede oppozisiýanyň lideri Gadi Aýzenkota ýurduň Hökümetini düzmegi tabşyrdy diýip, döwlet Baştutanynyň kanselýariýasyna salgylanýan «The Times of Israel» neşiri habar berdi.

«INTERFAX.RU» habarlar agentligi Gersogyň öz karary barada Aýzenkoty hem, häzirki Premýer-ministr Binýamin Netanýahu hem habarly edendigini ýazýar. Prezident Ishak Gersog Premýer-ministriň wezipesine kandidaty Knessetiň täze çagyrylyşynyň ähli agzalarynyň bähbitlerini aňladýan toparlar bilen geňeşmelerden soňra saýlapdyr. Netijede, Knessetiň deputatlarynyň 67-si Aýzenkoty, 46-sy Netanýahuwy goldapdyr, galanlary saklanypdyr.

Indi Aýzenkot 28 günüň dowamynda Hökümeti düzmeli bolar. Eger zerurlyk ýüze çyksa, onuň 14 günlük goşmaça möhlet haýyş etmäge hem mümkinçiligi bar.