Turkmenportal
08.11.2026
1160711607
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şanhaýda Türkmen-Hytaý işewürlik forumy geçirildi
Şanhaýda Türkmen-Hytaý işewürlik forumy geçirildi

Şanhaýda 6–7-nji noýabrda Türkmen-Hytaý işewürlik forumy geçirildi. Forum iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga bagyşlandy.

Çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we TMT Consulting Group gurady. Forum Hytaýyň import harytlary boýunça 9-njy halkara sergisiniň (CIIE 2026) çäklerinde “Radisson Blu Forest Manor Shanghai Hongqiao” myhmanhanasynda geçirildi. Forumyň Premium hemaýatkäri hökümünde «Ojar Aziýa» HK çykyş etdi.

Foruma Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet edaralaryň hem-de işewür toparlarynyň 500-den gowrak wekili, şol sanda 70-den gowrak kompaniýanyň wekilleri gatnaşdy.

Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde özara söwdany giňeltmek, senagat hyzmatdaşlygy, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, işewürligi sanlylaşdyrmak we oba hojalyk toplumynda hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan tematiki sessiýalar geçirildi. Forumyň dowamynda bilim, syýahatçylyk we medeni mirasy gorap saklamak meselelerine hem aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, iki taraplaýyn gepleşikler we hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Kompaniýalaryň wekilleri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ugurlaryny we uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumda «Ojar Aziýa» HK öz taslamalaryny hödürledi. Olaryň arasynda:

  • Sarahs–Mary–Serhetabat ýokary tizlikli awtomagistralyny gurmak;

  • Turgundy gury portunda (Owganystan) ammar-logistika toplumyny gurmak;

  • Serhetabatda myhmanhana-logistika toplumyny, şeýle hem elewatorly un zawodyny gurmak;

  • Mary welaýatynda ýyladyşhana we köpugurly maldarçylyk toplumlaryny gurmak.

Forumyň ikinji güni, 7-nji noýabrda gatnaşyjylar Hytaýyň senagat kärhanalaryna baryp, önümçilik prosesleri bilen tanyşdylar we tejribe alyşdylar.