Turkmenportal
07.11.2026
1338813388
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen samboçylary Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda dört medal gazandylar
Türkmen samboçylary Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda dört medal gazandylar

Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji iki gününiň dowamynda iki altyn we iki bürünç medal gazandylar. Baýraklaryň ählisi söweş sambosy boýunça gazanyldy.

Erkekleriň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde Sanjarbek Öwezberdiýew altyn medala mynasyp boldy. 71 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Mümünjan Arzykulyýew dünýä çempiony boldy.

Bürünç medallary Ahmet Taňryberdiýew (58 kilograma çenli) we Gurbanbaý Gurbanow (50 kilograma çenli) gazandylar.

Ýubileý dünýä çempionaty 6–8-nji noýabr aralygynda geçirilýär. Oňa 101 döwletden türgenler gatnaşýar. Bu bolsa Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) taryhynda rekord görkezijidir.

Ýaryşyň açylyş dabarasyna FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow gatnaşdy. Çagyrylan myhmanlaryň arasynda sambonyň ilçileri Fýodor Ýemelýanenko we Yslam Mahaçew hem bar.

Federasiýanyň taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň maksatnamasyna kör zenanlaryň arasynda sambo boýunça ýaryşlar hem girizildi. Ýaryşlar 8-nji noýabrda tamamlanýar.