2027-nji ýyla Türkmenistanda Russiýanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirildi diýip, RF-niň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew žurnalistlere habar berdi.
«Ýaňy-ýakynda Russiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçirildi. Biz geljek ýylda Türkmenistanda Russiýanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegini göz öňünde tutýarys... Haýsy aýdygy häzirçe anyk belli däl, ýöne meýilnama bar» diýip, ol Aşgabatda geçirilen GDA agza döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň 41-nji mejlisiniň çäklerinde aýtdy.
Malyşewiň sözlerine görä, ol Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew bilen Russiýanyň Medeniýet günleriniň Aşgabatda, şol sanda başga şäherlerde hem geçirilmegi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy.
Ministriň orunbasary taraplaryň teatrlar, muzeýler, kitaphanalar, şeýle-de medeniýetiň we sungatyň başga ugurlary boýunça özara alyş-çalşygy dowam etdirjekdiklerini sözüniň üstüne goşdy.
