Turkmenportal
06.11.2026
1164111641
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan tutuş dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyr
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan tutuş dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyr

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Astanada geçirilen emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygynda çykyş edip, Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlary beýan etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany halkara ähmiýetli teklibi öňe sürmek bilen, dünýäde uzak möhletli howpsuzlygy, ilkinji nobatda, öňüni alyş diplomatiýasyny işjeňleşdirmek, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak, şeýle hem parahatçylyk, ynanyşmak we syýasy dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek arkaly üpjün edip boljakdygyndan ugur alýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde berk howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de Akaba prosesiniň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmäge netijeli goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.