Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana sapar bilen bardy. Bu barada zakon.kz saýty habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany saparyň dowamynda Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek «Akaba» prosesiniň sammitine gatnaşar.
«Akaba» prosesiniň sammiti 2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Astanada geçiriler. Sammitiň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň biri hem emeli aňyň terrorçylyk we ekstremistik maksatlar üçin ulanylmagyna garşy göreşmekden ybaratdyr.
Çärä birnäçe döwletiň Liderleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.