Turkmenportal
Düýn 12:13
49474947
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet migrasiýa gullugynda MHG-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy kabul edildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Serhan Aktoprak bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar migrasiýany dolandyrmak babatynda halkara kadalaryny we migrasiýa kanunçylygyny iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge içgin gyzyklanma bildirýändigini bellediler. 

Duşuşykda taraplar parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ähli başlangyçlar hem-de maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýardygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem halkara migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň giňeýändigi barada aýdyp, migrasiýa babatda gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ugrunda degişli işleriň alnyp baryljakdygyny bellediler.