4-nji noýabrda geçen aralyk saýlawlaryň jemleri boýunça Demokratik partiýa sesleriň köpüsini alyp, ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasyna gözegçilige eýe bolýarlar. Bu barada «Bloomberg» agentligine salgylanýan TASS habar berdi.
Agentligiň bahalandyrmasyna görä, demokratlar aşaky palatada azyndan 223 orun alarlar, olara köplügi düzmek üçin 218 orun ýeterlikdi. Respublikaçylar partiýasynyň bary-ýogy 126 mandaty bar. Şeýle hem Senatda demokratlaryň 54 orny bolar, bu olaryň köplügi düzjekdigini aňladýar. Respublikaçylaryň bolsa, 41 kürsüsi bar.
«Azertaj» agentligi öz nobtynda «Reuters» agentligine salgylanmak bilen, demokratlaryň giň goldaw almagynyň saýlawçylaryň ýurduň ykdysadyýetiniň dolandyrylyşyndan, benziniň gymmatlamagyna getiren Eýranyň garşysyna başlanan uruş çözgüdinden çuň närazylygyny görkezendigini belleýär.
«Ria.ru» Miçigan ştatyndan demokratik partiýanyň agzasy Abdul El-Saýediň Senata saýlawlarda ýeňiş gazanan ilkinji musulmandygyny habar berýär.
«Associated Press» agentligi hem saýlawlaryň jemlerine salgylanyp, 2027-nji ýylda Kongresiň Wekiller palatasynyň spikeriniň gara tenli syýasatçy – Demokratik fraksiýanyň lideri Hakim Jeffrisiň bolmak mümkinçiliginiň ýokarydygyny ýazýar. Agentligiň çaklamasyna laýyklykda, geljek ýylyň 3-nji ýanwarynda Kongresiň täze düzümi ýygnananda, onuň gün tertibiniň esasy meselesi aşaky palatanyň spikerini saýlamak bolar, şonda Hakim Jeffrisiň bu wezipä hödürlenmegi mümkin.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Fox News» teleýaýlymy bilen söhbetdeşlikde aralyk saýlawlarda öz wekilçilik edýän Respublikaçylar partiýanyň şowsuzlygyna geň galandygyny belläp: «Men olar gowy netije görkezerler öýdýärdim. Demokratlary gutlaýaryn! Olar gowy işlediler. Olar muňa ýetmek üçin 11 ýyl yhlas etdiler, ahyrynda-da maksatlaryna ýetdiler» diýdi. Tramp demokratlaryň kanun taslamalaryna Kongresiň iki palatasyndan geçensoň hem, weto hukugyny ulanjakdygyny nygtap: «Öňem şeýle bolupdy, bilýäňiz ahyryn. Weto hukugy bar. Bu Prezidentiň iň uly ygtyýarlylyklarynyň biri. Olar düýbünden akylsyz kanun taslamalary ibererler, men bolsa olara gadaganlyk girizerin» diýdi.