Turkmenportal
04.11.2026
76377637
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekili Fujou şäherinde geçirilýän halkara media forumyna gatnaşýar

3-4-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Fujou şäherinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «Bir guşak, bir ýol — 2026» halkara hyzmatdaşlyk forumy geçirilýär. Oňa dünýäniň ähli künjeklerinden KHBS-niň wekilleriniň 200-e golaýy, şol sanda Türkmenistandan Döwlet habarlar agentliginiň wekili gatnaşýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçy düzümleriniň, çäräniň guramaçylarynyň hem-de KHBS-niň wekilleriniň birnäçe çykyşlary diňleniler. Şeýle hem onuň dowamynda «Bir guşak, bir ýol» mowzugy boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk baradaky çykyşlara orun berler.

Bu çäräniň geçirilmeginiň maksady maglumatlary taýýarlamak babatda Hytaýyň tejribesi bilen tanyşdyrmakdan we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

Foruma gatnaşyjylar media ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin köptaraply hyzmatdaşlygy ýol goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, foruma gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama-da göz öňünde tutlypdyr.