Turkmenportal
03.11.2026
86518651
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-daky we Ýewropadaky kompaniýalar robotlary işden boşadyp, adamlary yzyna alýarlar
Surat: news.by

ABŞ-daky we Ýewropadaky korporasiýalar öň emeli aňyň haýryna işden boşadan hünärmenlerini köpçülikleýin yzyna işe alýarlar. Bu ýagdaýa eýýäm «EA bumerangy» diýip at berdiler diýip, «news.by» ýazýar.

Mysal üçin, «Ford» 350 inženerini algoritmleriň hil gözegçiligini başarmandygy sebäpli işe gaýdyp aldy. Şwesiýanyň «Klarna» kompaniýasy çat-botlara çakdanaşa garaşlylyga akyl ýetirip, operatorlary ýene işe alýarlar.

Ýagdaý neýrotorlaryň adamyň tejribesini, ýürekdeşligi hem-de adaty bolmadyk çözgütleri kabul etmegi doly bahaly çalşyp bilmejekdiklerini görkezdi. Ýolbaşçylar EA üçin tankydy pikirlenişiň we kreatiw ukyplaryň ýetmeýändigini boýun alýarlar. Işe gaýdyp alnan işgärler kompaniýalardan ýokary aýlyk haklaryny we gaýtadan işden boşadylmazlygy kepillendirmegi talap edýärler.

«EA bumerangy» awtomatlaşdyrmakdan çakdanaşa garaşylan netijeleriň ýalňyşdygyny subut etdi, indi işewürlik tejribeli hünärmenlere bil baglamaga we olara has peýdaly şertleri döretmäge mejbur bolýar diýip, «Associated Press» agentligi ýazýar.