Turkmenportal logo
Şu gün 17:41
13501350
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Italiýa sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň binasynda bu komitetiň başlygy Allaberdi Saparow bilen Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brukyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga diplomatik wekilhananyň başlygynyň orunbasary, ilçihananyň söwda attaşesi Karmelo Leo hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bedenterbiýe, köpçülikleýin sport we ýokary derejeli sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara bähbitli we netijeli dialogy dowam etdirmäge hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.