Turkmenportal
03.11.2026
62386238
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Britaniýaly jahanyň daşyna pyýada aýlanyp, 28 ýyldan soňra ýurduna dolandy

Britaniýaly Karl Buşbi jahanyň daşyndan 28 ýyl dowam eden pyýada syýahatyny tamamlap, öýüne dolandy. Ol şu döwürde dört yklymy we 30 ýurdy, ýagny 50 müň kilometr töweregi menzil geçdi. Bu barada «INTERFAX.RU» habar berýär.

Buşbi 1998-nji ýylyň noýabrynda Çiliniň Punta-Arenas şäherinden ýola düşdi we ulag peýdalanman, dünýäni aýlanyp çykmagy maksat edindi. Syýahat döwründe ol buz örtülen Bering bogazyny ýöräp, Hazar deňzini we La-Manşy ýüzüp geçdi.

Onuň syýahaty 2008-nji ýylyň maliýe çökgünligi, COVID-19 pandemiýasy we wiza almak bilen bagly kynçylyklar sebäpli birnäçe gezek kesildi. Buşbä ýolunyň Russiýa bölegini kesip geçmek üçin tas on ýyl gerek boldy.

Hall şäherinde Buşbini dogan-garyndaşlary, şäheriň ýaşaýjylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşy aldylar.

Syýahatçy indi täze taslamalara, köpçülik çykyşlaryna we öz ýol ýazgylaryny ýazmaga girişjekdigini gürrüň berdi. Nemes režissýory Werner Hersog onuň syýahaty barada dokumental film surata düşürmekçi bolýar.