Türkmenistanly aýdymçy Täçnabat Ýomudowa Russiýanyň «Россия-1» teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän «Привет, Андрей!» atly gepleşigiň myhmany boldy. Gepleşigiň bu sany aýdymçy we kompozitor Wiktor Korolýowyň 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli taýýarlanyldy.
Moskwa çagyrylmagy aýdymçy üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Guramaçylar gysga wagtyň içinde zerur resminamalary taýýarladylar we Täçnabat Russiýanyň paýtagtyndaky teleýaýlymyň studiýasynda ilkinji gezek çykyş etdi.

Aşgabatda Täçnabat hindi filmlerindäki aýdymlary ýerine ýetirýän aýdymçy hökmünde tanalýar. Ol ýörite sazçylyk bilimine eýe däl. Aýdymçy hindi dilindäki sözleriň dogry aýdylyşyny we ýerine ýetiriş usulyny özbaşdak öwrenipdir. Ol çagalyk ýyllaryndan bäri Bolliwudyň saz sungaty bilen gyzyklanýar.
Täçnabatyň döredijilik ukyby maşgalasyndan miras galypdyr. Ejesi Şemşat Hojaýewa belli bagşy we Türkmenistanyň halk artisti, dogany bolsa orkestrde goboý saz guralynda saz çalýar. Aýdymçy esasy hünäri boýunça çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýär.
Teleýaýlymyň studiýasynda Täçnabat Hindistanyň «Jenap 420» filminden «Mera Joota Hai Japani» aýdymyny ýerine ýetirdi, şeýle hem «Küştdepdi» tansyny görkezdi.
Çagalygyndan hindi kinosyny halaýan Wiktor Korolýowa Täçnabat öz maşgalasynyň adyndan türkmen milli saz guraly bolan dutary sowgat berdi. Kompozitor sowgady hoşallyk bilen kabul etdi.
Mundan başga-da, myhman studiýada çörek we dürli süýjülikler bilen bezelen baýramçylyk saçagyny ýazyp, gepleşige gatnaşyjylary milli tagamlar bilen hezzetledi. Gepleşigiň alyp baryjysy Andreý Malahowa bolsa türkmen milli dony sowgat berildi, guşak guşaldy we başyna telpek geýdirildi.
«Indi siz hakyky türkmen ýigidi bolduňyz!» — diýip, aýdymçy degişme äheňinde belledi.
Aýdymçynyň iň uly arzuwlarynyň biri Hindistana syýahat etmek. Häzirki wagtda ol Aşgabatda geçiriljek uly göwrümli konsertine taýýarlyk görýär.