Dünýä ýurtlary Ormuz bogazyndan ýük gatnawlarynyň çynlakaý netijelerini ýeňip geçmek üçin nebitiň we ýangyç önümçiliginiň zerur derejesini saklamakda goşmaça kuwwatlyklara mätäçlik çekýärler. Bu barada Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Al Jabere salgylanýan «Bloomberg» ýazýar.
Hünärmeniň bellemegine görä, Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyk energiýa bazarynda hakyky bulam-bujarlyk döretdi. Şunuň bilen baglylykda, nebitiň dünýä gorlary takmynan 1 milliard barrel azaldy. ADNOC-yň baş direktorynyň pikiriçe, dizel ýangyjy bilen bagly hem kynçylyklar ýüze çykypdyr. Bazarlaryň köpüsinde onuň gorlary soňky 35 ýylda iň pes derejä düşüpdir.
Galyberse-de, häzirki wagtda suwuklandyrylan tebigy gazyň hem gytlygy hasaba alynýar diýip, Al Jaber nygtady.