Turkmenportal logo
Şu gün 10:30
23802380
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Güýzki at çapyşyk möwsüminiň soňky çapyşyklary geçirildi

Aşgabatdaky we welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň soňky çapyşyklary geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan on dört çapyşygyň birinjisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gyrmyzy atly at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Ikinji çapyşykda Hanjar diýen dor at ýeňiji boldy. Üçünji çapyşykda Dagbürgüt atly mele at öňdeligi saklady. Dördünji çapyşykda-da çekeleşikli pursatlar ýeterlik bolup, Gaýraly diýen bedew ýeňiş gazandy. Bäşinji çapyşykda mele gysrak Altynaý ýokary netije görkezdi.

Altynjy çapyşykda Akmelek öňe saýlandy. Ýedinji çapyşygyň ilkinji ornuny Akbedew eýeledi. Bedewlerden we olaryň çapyksuwarlaryndan ýokary ussatlygy talap eden sekizinji çapyşyk Maslahat diýen akýal mele atyň ýeňşi bilen tamamlandy. 2 müň metr aralyk boýunça ula giden dokuzynjy çapyşygyň netijeleri boýunça Älemgoşar atly dor gysrak öňe saýlandy. Onunjy çapyşykda Aýýyldyz ýyndamlygyny görkezip, pellehanadan birinji bolup geçdi. On birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kiçimergen ýeňiş gazandy. Çapyşyklaryň on ikinjisinde Akpataly atly mele at ýeňşini baýram etdi. On üçünji çapyşykda Ýangyn atly dor at öňe saýlandy. Jemleýji çapyşyk Gutlynyň üstünligi bilen tamamlandy.

Balkan atçylyk sport toplumynda bäş çapyşyk guraldy. Oňa welaýatyň çar künjünden gelen atlar gatnaşdyryldy. Birinji tapgyrda ikiýaşar atlar 1 müň 200 metr aralyk boýunça bäsleşdiler. Ýeňiş Gülparça diýen bedewiň tarapynda boldy. Ikinji çapyşykda Serpaý atly dor at birinji orny eýeledi. Üçünji çapyşyga üçýaşar atlar gatnaşyp, Ýürekdeş diýen dor at pellehana ilkinji geldi. Dördünji çapyşykda Gujurly II atly bedew üstün çykdy. Jemleýji çapyşyga dört we ondan hem uly ýaşar atlar gatnaşdyryldy. Bu çapyşykda Garabezirgen pellehanadan birinji bolup geçdi.

Lebap atçylyk sport toplumynda geçen çapyşyklarda-da ýyndam bedewler öňe saýlandy. Ilkinji çapyşykda Gülälek ýeňiji boldy. Ikinji çapyşykda Gubadag atly mele at ýeňiş gazandy. Üçünji çapyşykda Ýaran ýeňşini baýram etdi. Garaşsyz diýen bedew dördünji çapyşykda öňdäki orny elden bermedi. Jemleýji çapyşykda Saýadym atly gyr at ýeňiş gazandy.

Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen çapyşyk myhmanlara şatlyk-şowhun paýlap, oňa ýyndam bedewleriň 40-a golaýy gatnaşdyryldy. Juda çekeleşikli geçen bäş çapyşykda ezber çapyksuwarlar öz ussatlyklaryny görkezdiler. At çapyşygynyň bäşinji tapgyrynda dört we uly ýaşar atlar 1 müň 800 metr aralyga goýberildi. Aman Sapargeldiýewiň Arzuwym atly hojalyk aty pellehana ilkinji bolup geldi. Belli atşynas Wepa Ýagşybaýewiň seýislän, çapyksuwar Kerimberdi Pollaýewiň ezberlik bilen çapan ýyndam bedewi bu aralygy 2 minut 15 sekuntda geçip, at çapyşygyň şu tapgyrynyň ýeňijisi boldy.

Mary atçylyk sport toplumynda bäş çapyşyk guraldy. Olaryň birinjisinde Gubadag pellehana ilkinji bolup geldi. Ikinji çapyşykda Ş.Meredowyň hojalygyna degişli Pendiguş atly gara bedew ýeňiş gazandy. Täsirli geçen üçünji çapyşykda Keýmir diýen at pellehana birinji bolup geldi. Dördünji çapyşykda Garajaoglan öňdeligi elden bermän, ýeňşini baýram etdi. Jemleýji — bäşinji tapgyrda R.Läliýewiň hojalygyna degişli Toýçy diýen mele at beýleki bedewlerden tapawutly çapdy we ýeňiji boldy.

Aşgabatda we ýurduň sebitlerinde guralan çapyşyklarda baýrakly orunlary eýelän atlara serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara gymmatbaha sowgatlar gowşuryldy.