Bolgariýanyň häzirki Prezidenti Iliýana Ýotowa ýurtda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň jemleri boýunça iň ýokary döwlet wezipesinde işini dowam eder. Bu barada Bolgariýanyň Merkezi saýlaw toparyna salgylanýan TASS habar berdi.
Saýlaw býulletenleriniň 99,95 göterimi sanalanda, Prezidentiň hem-de wise-prezidentiň wezipelerine dalaşgärler Ýotowanyň we Kiril Wylçewiň saýlawçylaryň sesleriniň 57,581 göterimini alandygy (1093 mln adam) belli boldy. Olaryň esasy bäsdeşleri Andreý Gýurow we Georgiý Kandew 18 göterim yza galyp, 39,467 göterim (750 müň töweregi) ses aldylar. Aaýlawçylaryň 3 göterime golaýy dalaşgärleriň hiç birini goldamady diýlip, habarda bellenýär.
Ses berlişigiň resmi jemleri we saýlaw işjeňliginiň maglumatlary 4-nji noýabrdan gijä galman yglan ediler.
Ýotowa hem-de Wylçew saýlanan Prezidentiň we wise-prezidentiň wezipelerinde 5 ýyllyk möhlet bilen 2027-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda işe girişerler.