Turkmenportal logo
Şu gün 09:36
25522552
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Minskde geçirilen kinomatografiýa bilimi boýunça GDA-nyň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri 2-nji noýabrda Minsk şäherindäki GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde GDA döwletleriniň kinomatografiýa bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdylar.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, çäre XXXII Minsk halkara «Listapad» kinofestiwalynyň çäklerinde guraldy.

Mejlise Belarus Respublikasynyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Petrişenko öz çykyşynda kinofestiwallaryň Arkalaşygyň edaralary tarapyndan hemişelik goldaw alýandygyny hem-de Hökümet Baştutanlarynyň geňeşi tarapyndan tassyklanan strategiki resminama bolan «GDA agza döwletleriň medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy çärelerine» girizilendigini belledi.

«Tegelek stoluň» gatnaşyjylary GDA giňişliginde hünärmenleri taýýarlamagyň we kino bilimini ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ýaş kinomatografiýaçylary umumy ahlak-etiki ýörelgeleri wagyz etmäge we taryhy ýadygärligi goramaga gönükdirilen mazmuny döretmäge çekmegiň möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yzygiderli ussatlyk sapaklaryny geçirmek hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň öňdebaryjy milli kino mekdepleriniň arasynda režissýorçylyk, dramaturgiýa we kino önümçiligi ulgamynda amaly tejribe alyşmagy guramak teklip edildi.

Bilim beriş tapgyrynda emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.