Şu gün Türkmenistanyň DIM-inde Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Etýen Berhtold ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Diplomatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa kabul etdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini bellediler.
Ýokary derejedäki gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy şerti bolup durýandygy nygtaldy.
Diplomatlar iki ýurduň parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi goldamak babatyndaky garaýyşlarynyň meňzeşdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Duşuşykda iki döwletiň halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns berildi.
Şeýle-de söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly hem pikir alyşdylar.