Turkmenportal logo
Düýn 22:51
63866386
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwuny tutmak hem-de gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlarda azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnap almak işleri dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatlaryň bilim, jemgyýetçilik, medeniýet edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek üçin durmuşa geçirilýän çäreler hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna we hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişini, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Gyş möwsümi golaýlap gelýändigi sebäpli welaýatlarda bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany ählihalk bag ekmek dabarasyna, Hasyl toýuna talabalaýyk taýýarlyk görmegi, şonuň ýaly-da, welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.