Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Koreýanyň «Show Design Group» (SDG) döredijilik toparynyň saz we yşyk şüweleňi geçirildi. Çäre Koreýa medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraldy.

Konsertiň öňüsyrasynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Won Je myhmanlary mübärekläp, Koreýanyň medeniýet hepdeliginiň baýramçylyk çärelerine gatnaşandyklary üçin ýygnananlara minnetdarlyk bildirdi — diýip, «newcentralasia.net» neşiri habar berýär. Ilçi Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda geçiriljek ilkinji sammitiň öňüsyrasynda bu çäräniň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we medeni alyş-çalyşlary giňeltmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Agşamyň esasy wakasy bolan «Ýagtylygyň sazlaşygy» (Harmony of Light) atly multimediýa şüweleňinde koreý halkynyň däp bolan sungaty bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň özboluşly utgaşmasy görkezildi.

Şüweleňiň maksatnamasy dürli sahna çykyşlaryny öz içine aldy. Olaryň hatarynda däp bolan «hwagwanmu» tansynyň döwrebap görnüşde ýerine ýetirilmegi, «bi-boý» tansçylarynyň çykyşlary, ýagty saçýan şarlar bilen yşyk şüweleňi, «wideo-art» we «bitboks» çykyşlary boldy.

Tomaşaçylara Koreýanyň milli medeniýetiniň aýratynlyklaryna esaslanýan sahna eserleri hem hödürlendi. Olaryň arasynda däp bolan «çangu» deprek saz guralynyň kömegi bilen tansyň we saz sungatynyň utgaşdyrylmagy arkaly ýerine ýetirilen çykyş, şeýle hem koreý medeniýetine mahsus bäş reňkiň däp bolan nyşanlaryny häzirki zaman pop-medeniýeti, LED yşyklandyryjy lybaslar we multimediýa täsirleri bilen birleşdiren «Obansaek we K-pop» atly sahna çykyşy boldy.
Şüweleň maksatnamasynyň jemleýji böleginde konserte gatnaşan ähli artistleriň bilelikdäki çykyşy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.