Turkmenportal
02.11.2026
73037303
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kimi Antonelli 20 ýaşynda «Formula-1» ýaryşynyň taryhynda iň ýaş dünýä çempiony boldy

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Kimi Antonelli «Formula-1» boýunça dünýä çempionatynyň şahsy bäsleşiginde möhletinden öň ýeňiji boldy. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär. Ol 20 ýaşynda «Formula-1» ýaryşynyň taryhynda iň ýaş çempion adyny gazandy.

Ýaryşyň çempionlyk adyny Antonellä Meksikanyň Gran-pri ýaryşynda gazanan üçünji orny üpjün etdi. Ýaryşda toplap bilen utuklary möwsümiň umumy netijeleri boýunça sürüjileriň sanawynda öňe saýlanmaga we çempionatyň tamamlanmagyna birnäçe tapgyr galanda çempionlyk adyny kepillendirmäge ýeterlik boldy.

Ýaryşdan soň Antonelli duýgularyny beýan etmäge söz tapmaýandygyny we bolup geçen wakalara heniz doly düşünmäge çalyşýandygyny aýtdy. Ol bu möwsümiň ajaýyp geçendigini belledi. Şeýle hem soňky aýlawda duýgularynyň aşa güýçlenmegi zerarly ýaryş ýoluny görmegiň kynlaşandygyny we şonuň üçin hem tizligini peseldendigini gürrüň berdi.