Turkmenportal
02.11.2026
1021510215
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Maýkl Duglas Jek Nikolsonyň nirä ýitirim bolandygyny gürrüň berdi
Surat: gazeta.ru

Golliwudyň aktýory Maýkl Duglas dostlary tarapyndan «ýitirilen» kärdeşi, weteran aktýor Jek Nikolsonyň nirä ýitendigini habar berdi. 82 ýaşly Duglasyň sözlerini «The Independent» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» getirýär.

Duglas kärdeşiniň kinony goýandygyny ýatlatmak bilen: «Ol indi işlemeýär. Onuň ýagdaýy oňat, emma ol ýitdi, men bilýän» diýdi. Aktýor şeýle hem 89 ýaşly Nikolson bilen görşüp durýandygyny, onuň ýagdaýynyň gowudygyny, öýüniň töwereginde gezim edýändigini, öýünde şypbykly aýlanyp ýörendigini aýtdy.

«Oskar» kino baýragynyň üç gezek eýesi Jek Nikolson kino muşdaklaryna, esasan, «Ikatýogyň höwürtgesiniň üstünden uçuş» filmi arkaly tanyşdyr.