Wepa Mälikgulyýew Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy wezipesine ýene dört ýyl möhlete gaýtadan saýlandy. Degişli karar 31-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen hasabat-saýlaw ýygnagynda kabul edildi.
Ýygnaga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtdan gelen wekiller, şeýle hem tälimçiler, türgenler we ýaş küştçüleriň ene-atalary gatnaşdy. Federasiýanyň baş sekretary wezipesine Mergen Kakabaýew hem gaýtadan saýlandy. Şeýle-de ýygnaga gatnaşyjylar federasiýanyň Prezidiumyny we barlag-rewiziýa toparyny täze möhlete saýladylar hem-de Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Türki döwletleriň küşt assosiasiýasynyň (TCA) agzalygyna goşulmagyny makulladylar.
Dört ýylyň jemleri
Mälikgulyýewiň hasabatynda bellenilişi ýaly, 2022–2026-njy ýyllar aralygynda federasiýanyň agzalarynyň sany 60-dan 1,3 müňe çenli artdy. Bu döwürde FIDE-niň reýting hasabyna girizilýän 410 ýaryş geçirildi. Reýtingi bolan işjeň küştçüleriň sany 8-den 389-a ýetdi. FIDE-de hasaba alnan küştçüleriň arasynda zenanlaryň paýy 26 göterime deň boldy.
2024-nji ýylda Budapeştde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy B derejesinde altyn, zenanlar ýygyndysy bolsa C derejesinde altyn medal gazandy. 2026-njy ýylda Samarkantda geçirilen 46-njy olimpiadada zenanlar ýygyndysy B derejesinde ikinji orny eýeledi. Ýurdumyzda grossmeýsterleriň sany bäşden sekize ýetdi. M. Annaberdiýew, Ý. Ataýew we S. Ataýew grossmeýster derejesine mynasyp boldular.
Ýaş küştçüler halkara ýaryşlarda 2025-nji ýylda 41 medal, 2026-njy ýylda bolsa azyndan 58 medal gazandylar. Aşgabatda iki sany halkara ýaryşy, şol sanda sekiz ýurtdan 94 küştçiniň gatnaşmagynda geçirilen «Kids Expo Chess Cup 2026» ýaryşy guraldy. Ýygnaga gatnaşyjylar hasabaty biragyzdan makulladylar.
2030-njy ýyla çenli ösüş meýilnamalary
Wepa Mälikgulyýew 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanda küşt sportuny ösdürmegiň ýedi strategik ugry bilen tanyşdyrdy. Olar dolandyryş we sanlylaşdyrma, tälimçiler düzümi, mekdeplerde küşt, içerki ýaryşlar, milli ýygyndy, maliýe durnuklylygy hem-de federasiýanyň brendini ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Täze wezipeleriň hatarynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gazagystanyň Küşt federasiýasy bilen bilelikde işläp taýýarlaýan sanly platformasy, «Ýaş tälimçi» maksatnamasy, tälimçileri sertifikatlaşdyrmak we 2027–2028-nji ýyllarda synag taslamasy hökmünde işe girizilmegi meýilleşdirilýän Milli mekdep ligasy bar.
Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin amala aşyrylýan saparlaryň paýlanyşy hem kesgitlenildi. Oňa laýyklykda, maliýe serişdeleriniň 25 göterimi uly ýaşly türgenleriň ýygyndylaryna, 75 göterimi bolsa U6-dan U20-ä çenli ýaş toparlaryna gönükdiriler.
«Öňümizdäki dört ýylyň esasy wezipesi diňe bir sebitde gazanylan depgini saklamak däl-de, eýsem Merkezi Aziýanyň küşt giňişliginde öňdebaryjy orunlaryň birini eýelemek we dünýä derejesinde deň şertlerde bäsleşmekdir» — diýip, Wepa Mälikgulyýew belledi.
Şu ugurlaryň esasynda federasiýanyň Prezidiumy küşt sportuny ösdürmegiň jikme-jik strategiýasyny taýýarlap, köpçülige hödürlär. Tälimçiler düzümini we içerki ýaryşlary ösdürmek boýunça tälimçileriň teklipleri bolsa Prezidium hem-de Tälimçiler geňeşi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylar.