Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Endi Bernem «The Guardian» gazeti üçin ýazan makalasynda Londonyň öz ýurdunyň gul söwdasyndaky orny üçin ötünç sorap biljekdigini ýazdy.
1-nji noýabrda syýasatçy Antiguada Arkalaşygyň ýurtlarynyň liderleriniň sammitine gatnaşdy. 27-nji oktýabrda Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III Karib basseýni döwletlerine dokuz günlük saparyna başlady, şonda käbir syýasatçylar we jemgyýetçilik işgärleri oňdan Patyşalygyň gul söwdasyndaky orny barada ötünç soramagy talap etdiler.
Bu waka bilen baglylykda, Bernem makalasynda gul söwdasyny ýowuz jenaýat hökmünde häsiýetlendirmek bilen, beýleki halklara edilen sütemler üçin gynanç bildirdi.
Emma şunuň bilen birlikde, ol bu günki britanlaryň düýbünden başga eýýamda edilen taryhy jenaýatlar üçin jogapkärçilik çekmeginiň mümkin däldigini nygtap, ýetirilen zyýanlar üçin talap edilýän töleglere garşy çykyş etdi.