Turkmenportal logo
Düýn 19:31
90809080
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmensitanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Aragçi şu gün Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, sebit we halkara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Bu barada «IRNA» habar berýär.

Taraplar Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna garadylar hem-de syýasy we ykdysady ugurlaryň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini nygtadylar.

Ministr Raşid Meredow iki halkyň taryhy kökleri we asyrlaryň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklary barada durup geçip, bu ýakynlygyň geljekde döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy söwda, syýasy we medeni ugurlarda Eýran bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýokary baha berdi. Şeýle hem Eýranyň dürli halkara meýdançalarynda Türkmenistan bilen bilelikde çykyş etmeginiň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtady.

Ozal habar berşimiz ýaly, Abbas Aragçi şu gün Aşgabat şäherine sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde onuň ýurduň resmi wekilleri bilen gepleşikleri geçirmegi göz öňünde tutulýar.

Bir günlük saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri esasy ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň hatarynda durýar.