Turkmenportal
02.11.2026
79127912
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda daşary ýurtly işewürler 7 million dollardan gowrak geleşik baglaşdylar
Surat: magnific.com

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 17 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýeden, Gruziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Bolgariýadan we Azerbaýjandan gelen işewürler türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen pagta süýümini, nah ýüplügini, 1-nji hilli bugdaý ununy we dürli görnüşli dokma önümlerini satyn aldylar.

Şeýle-de «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernlerinde öndürilen suwuklandyrylan gaz satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 7 million 80 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.