Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny hem-de ähli bank ulgamynyň işgärlerini ykdysady ösüşleriň we ajaýyp üstünlikleriň aýdyň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
«Milli manadyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi, kadaly pul dolanyşygynyň, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli amala aşyrylmagy hem-de banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilýär.
Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Berkarar Watanymyzyň jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi boýunça dünýäniň ýokary girdejili döwletleriniň ortaça derejesine ýetendigi hem ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz, býujet-salgyt, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň ylmy esaslydygynyň we netijelidiginiň aýdyň mysalydyr. Kabul edilýän milli we döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine halkara jemgyýetçilik tarapyndan oňyn baha berilýär» diýip, nygtaýar.
Ýeri gelende bellesek, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanda milli pul birligi bolan manat dolanyşyga girizildi. Türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegi ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etmekde möhüm ädim boldy. Milli puluň 1993 – 1995-nji ýyllardaky ilkinji nusgalaryny taryhy we medeni ýadygärlikler bezäpdi. Mysal üçin, 1 manatlyk puluň öň tarapynda, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň ýerliginde gadymy milli bezeg bolan “tumar”, puluň arka tarapynda – iň gadymy Horezmşalaryň biri bolan Il-Arslanyň aramgähi bardy.
Taryhynyň dowamynda türkmen manadynyň daşky görnüşi, biçüwi we reňki birnäçe gezek üýtgedildi. Pullaryň ýüzünde suw bellikleri peýda bolup, olaryň birinde ahalteke aty şekillendirilipdi.
2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan gymmaty üýtgedilen manadyň metal we kagyz görnüşi dolanyşyga girdi.
Täze kagyz pullarda türkmen halkyny şöhratlandyran beýik taryhy şahsyýetler we ýurduň binagärlik ýadygärlikleri şekillendirilýär. Mundan başga-da, dolanyşyga 1, 2, 5, 10, 20 we 50 teňňe (2009), 1 we 2 manat (2010) metal pullar hem girizildi. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Banky 1, 5, 10 we 20 manatlyk täzelenen pullary girizdi, 2014-nji ýylda bolsa 1, 50 we 100 manat görnüşinde üýtgedilen kagyz pullary çykardy. Şeýle hem 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Aşgabat olimpiýa şäherçesiniň desgalaryna bagyşlanan kagyz pullar toplumy çap edildi.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzda 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manat gymmatynda täze kagyz pullar dolanyşyga girizildi. Olaryň öň tarapynyň reňki we biçüwi, umuman, saklanyp galdy, emma ýokarda agzalan pullaryň hemmesinde şol ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýen şygary bolan nyşanlar bardy.
Merkezi banky 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizer. 1, 5 we 10 manatlyk banknotlaryň reňki we şekili öňki görnüşde saklanyp, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany şekillendirilendir. 200 manatlyk banknotyň ýüz tarapynda «Arkadag» binasynyň, arka tarapynda bolsa Arkadag şäher häkimliginiň dolandyryş binasynyň şekili ýerleşdirilipdir.