Turkmenportal logo
Düýn 23:38
33323332
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýer T.Atahallyýewe ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.