Beýik Britaniýanyň Surreý graflygyndaky taşlanan mülkde 1928-nji ýylda çykarylan «Bentley 4.5 Litre Sports Tourer» ulagyny tapdylar. Onuň bary-ýogy 720 sanysy satuwa goýberilipdi. Şeýle awtoulagyň bahasy birnäçe million dollara ýetip biler diýip, «classicrollsroyce-bentley.com» portalyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Ulagyň köp ýyllar bäri hereketsiz ýatan hem bolsa, durkuny oňat saklandygy habarda aýdylýar. Ol britan maşgalasy tarapyndan 1935-nji ýylda satyn alnypdyr we maşgala gymmatlygy hökmünde aýawly saklanypdyr. Awtoulagyň zawod reňki gara bolan bolsa gerek diýlip çaklanýar.
Ýeri gelende aýtsak, seýrek «Bentli» ulaglary söwda auksionlarynda gymmat nyrhdan satylýar. Mysal üçin, 1928-nji ýylda çykan şeýle ulaglaryň biri «Broad Arrow» auksionynda 400 müň amerikan dollaryna satylypdyr. «RL3427» belgili şassili başga bir «Bentli» bolsa, 2021-nji ýylda «Sotheby's» auksionynda 1,105 million dollara satyn alnypdyr.