Turkmenportal logo
Düýn 09:50
65196519
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TDG-niň sammitinde Türkmenistanyň Baştutany ösüş üçin amatly şertleri döretmegi teklip etdi

Türki döwletler guramasynyň Ankarada geçirilen XIII sаmmitinde çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň TDG-ni doganlyk ýurtlaryň arasynda özara ynamy berkitmäge, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hem-de amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen möhüm gurluş hökmünde garaýandygyny belledi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, türki döwletleriň ägirt uly ykdysady kuwwata eýedigi bellenildi. Onuň netijeli peýdalanylmagy üçin energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma, çig maly gaýtadan işleýän pudaklarda we ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek zerur bolup durýar.

«Şol bir wagtda, özara maýa goýumlary höweslendirmek, telekeçileriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we bilelikdäki önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de amatly şertleriň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip, Prezident belledi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag-logistika kuwwatyny netijeli ulanmak maksady bilen, Transkaspiý halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmak teklip edildi. «Munuň üçin biziň ýurdumyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny gönükdirmäge taýýardyr» diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem üstaşyr geçelgeleriniň geçirijilik ukybyny artdyrmak, logistika amallaryny hem-de ýük daşamalaryny utgaşdyrmak üçin amatly şertleri döretmek boýunça tagallalary birleşdirmek teklip edildi.

Medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerinde hem ähli durmuş ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmek başlangyjy öňe sürüldi. «Ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň, döredijilik toparlarynyň we ýaşlar guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we akademiki alyşmalary ýola goýmak bu ugurda täze mümkinçilikleri döreder» diýip, Prezident nygtady. Şeýle hem syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Syýahatçylyk alyş-çalyşlaryny artdyrmaga we TDG-ä agza ýurtlaryň gadymy ýadygärliklerini halkara derejede wagyz etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlar goldanyldy.

«Şu günki ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri döwletlerimiziň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge uly itergi berer diýip ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni jemledi hem-de Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän hemişelik ünsleri üçin sammite gatnaşyjy ähli Prezidentlerine çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.