Turkmenportal logo
30.10.2026
70687068
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ankarada Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň başlygyny kabul etdi

Şu gün Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň Türkiýä amala aşyrýan saparynyň taryhy ähmiýetini belledi. Işewür hormatly Prezidentiň baştutanlygynda Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere Türkiýede ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanyny Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory derejesiniň berilmegi we Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem Ahmet Çalyk Gahryman Arkadaga mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanyndan haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlarda üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarda öz hyzmatdaş ýurtlary bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden ugur alýar.

Ahmet Çalyk bildirilýän ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryna mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Şunuň bilen birlikde, işewür türk kompaniýalaryna Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanyna hem-de Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.