Turkmenportal logo
30.10.2026
64736473
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident Serdar Berdimuhamedowa DEIK tarapyndan «Strategik dostluk nyşany» gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylyş dabarasy boldy.

TDH-de habar berlişi ýaly, bu ýerde belent mertebeli myhmany Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) başlygy Nail Olpak mähirli garşylady. Soňra Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Nail Olpak çykyş edip, hemmeleri mähirli mübärekledi hem-de iki doganlyk ýurduň wekillerini bir ýere jemlän bu dabarada Türkmenistanyň Prezidentine DEIK tarapyndan «Strategik dostluk nyşanyny» gowşurmagyň ýolbaşçylyk edýän geňeşi üçin uly hormatdygyny belledi.

Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,//Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirlerini mysal getirip, agzybirlik barada aýdylan bu sözleriň häzirki wagtda iki doganlyk ýurduň garaýyşlaryny özünde jemleýändigini nygtady.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz çykyş edip, hemmeleri mähirli mübärekledi hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitiniň çäklerinde bir ýere jemlenip, iki doganlyk ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän işewürligiň wekilleri bilen duşuşmagyň özi üçin hormatdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkiýe doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bäri Türkiýe üçin diňe bir strategik hyzmatdaş däl, eýsem, dost we dogan ýurt bolmagynda galýar. Baý tebigy serişdeleri, amatly geografik ýerleşişi we türkmen halkynyň zähmetsöýerligi netijesinde, Türkmenistan bu gün sebitiň çalt ösýän ykdysadyýetleriniň birine öwrüldi. Dünýä nusgalyk «akylly» şäheri, ösen infrastrukturasy, senagat kärhanalary, döwrebap hassahanalary ýurduň ýokary ösüş depgininiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanyny» gowşurmak barada kararyň kabul edilendigi yglan edildi we Prezident Serdar Berdimuhamedowa «Strategik dostluk nyşany» we ýörite şahadatnama gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» atly ýokary sylagynyň berilmegi mynasybetli, Geňeşiň başlygy Nail Olpaga we wekillerine minnetdarlyk bildirip, bu abraýly sylagy bildirilen belent hormatyň nyşany hökmünde kabul etmek bilen, ony Türkiýäniň Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirýän köpugurly hyzmatdaşlygynyň, netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň hem-de giň gerimli işleriň möhüm tassyknamasy hasaplaýandygyny aýtdy.