Turkmenportal logo
30.10.2026
76577657
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentine halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesi berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ankaradaky Hajettepe uniwersitetinde halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesi berildi. TDH-de habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammiti tamamlanandan soňra Ankaradaky Hajettepe uniwersitetine bardy. Hajettepe uniwersitetinde döwlet Baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Mehmet Jahit Güran mähirli garşyladylar. Uniwersitetiň talyplary döwlet Baştutanyna gül dessesini gowşurdylar.

Dabara gatnaşanlaryň hatarynda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň resmi adamlary, uniwersitetiň professor-mugallymlary, şeýle hem Türkiýede bilim alýan türkmen talyplary bar.

Dabarada, ilki bilen, uniwersitetiň prorektoryna söz berildi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gazanan üstünlikleri barada aýdyp, Hajettepe uniwersitetiniň Senatynyň Türkmenistanyň Prezidentine halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek baradaky kararyny okady.

Kararda bellenilişi ýaly, halkara gatnaşyklar we ählumumy howpsuzlyk ulgamlarynda çuňňur akademiki taýýarlygy möhüm döwlet wezipesi bilen utgaşdyrýan görnükli döwlet işgäri, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa özüniň Prezidentlik döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny BMG derejesinde parahatçylygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň işjeň guralyna öwrendigi, Hereketleriň Awaza Maksatnamasy ýaly ählumumy özara baglanyşyk boýunça giň möçberli başlangyçlara, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyna we ösüş konsepsiýasyna üstünlikli ýolbaşçylyk edendigi, Türkiýe Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda, şeýle hem ýokary bilim ulgamynda, şol sanda emeli aňdan başlap, “akylly” oba hojalygyna we bilelikdäki diplom maksatnamalaryna çenli giň ugurlardaky hyzmatdaşlykda görkezen berk syýasy erki hem-de goldawy üçin uniwersitetiň Senatynyň karary bilen, hormatly doktor derejesi berilýär.

Soňra dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidente halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesiniň degişli diplomy gowşuryldy. Dabara tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti uniwersitetiň rektory bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.