Turkmenportal logo
30.10.2026
1247812478
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Günorta Afrika Respublikasynyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Astana ş.) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombele bilen duşuşygy geçirildi. Günorta Afrika Respublikasynyň ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we konstruktiw hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şol sanda syýasy dialogy işjeňleşdirmäge, ýokary we iň ýokary derejedäki özara saparlaryň hem-de duşuşyklaryň tejribesini dowam etdirmäge, şeýle hem halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine, şol sanda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etjek parlamentara dostluk toparyny döretmek başlangyjyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ilçini diplomatik işiniň başlanmagy bilen gutlap, oňa jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomatik wezipeleri ýerine ýetirmekde zerur goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.