Turkmenportal logo
30.10.2026
1578315783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýaly we türkmen arheologlary Goňurdepedäki gazuw-agtaryş işleriniň nobatdaky tapgyryny tamamladylar

Türkmenistanda Margiana rus-türkmen arheologik ekspedisiýasynyň nobatdaky tapgyry tamamlandy. Işler 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabryndan 30-njy oktýabryna çenli Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa instituty (ÝA EAI) bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasynda baglaşylan täze ylalaşygyň çäklerinde geçirildi.

Bürünç eýýamyna degişli Goňurdepe ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerine Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň hem-de Maddy medeniýet taryhy institutynyň (ÝA MMTI) işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky müdirliginiň hünärmenleri we «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu möwsüm iki ýyllyk arakesmeden soň rus we türkmen alymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gaýtadan ýola goýulmagy bilen tapawutlandy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynda habar berildi.

Geçirilýän işleriň esasy maksady mundan 4 müň ýyldan gowrak ozal Murgap derýasynyň gadymy deltasynda ýerleşen Marguş (Margiana) ýurdunyň oturymly ilatly ýerleriniň gurluşyny öwrenmekden ybaratdyr. Şu tapgyrda merkezi ýadygärligiň golaýynda ýerleşýän Goňur-20 oturymly ýerindäki ylmy-barlag işleri, umuman, tamamlandy. Daşky ilatly ýerleriň nähili maksatlar üçin ulanylandygyny anyklamak maksady bilen, Goňur-27 ilatly ýerini has içgin öwrenmäge girişildi.

Arheologlar Goňur-20 ýadygärliginiň çäklerini anykladylar, birnäçe peçleri, mazarlary we beýleki desgalary gazyp açdylar. Tapyndylaryň hatarynda täze bürünç we daş möhürler, olaryň bölekleri, şeýle hem oba hojalyk gurallary bar. Goňur oazisiniň keramika toplumlaryny çuňňur öwrenmek işleri hem dowam etdirildi. Bu barlaglar biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň ahyrynda we II müňýyllykda medeniýetleriň ösüş depginini anyklamak, şeýle hem Ýewraziýanyň bu böleginde bolup geçen taryhy wakalara has gowy düşünmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Goňurdepedäki gazuw-agtaryş işleri 50 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Ol Margiana gadymy döwletiniň ýüze çykarylan iň uly ilatly ýeridir. Bu döwlet biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň ahyrynda – II müňýyllygyň başlarynda ýaşapdyr. 1970-nji ýyllarda sowet we rus alymy Wiktor Sarianidiniň bu siwilizasiýany açmagy XX asyryň iň meşhur arheologik açyşlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda onuň ylmy işini şägirtleri dowam etdirýärler.

28-nji oktýabrda Aşgabatda Russiýanyň ilçihanasynyň işgärleri taryh ylymlarynyň doktory, ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Nadežda Dubowa we Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet ylmy-barlag rejeleýiş institutynyň suratkeş-rejelеýjisi Galina Weresoskaýa bilen duşuşdylar. Alymlar soňky bir aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada gürrüň berdiler.

Nadežda Dubowa Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýet taryhy institutynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Mary welaýatynda geçirilen meýdan barlaglaryna ýolbaşçylyk etdi. Galina Weresoskaýa bolsa Aşgabatdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň rejeleýiş barlaghanasynda işledi. Duşuşygyň dowamynda rus alymlary bilelikdäki işler we giňişleýin goldaw üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdiler hem-de 2027-nji ýylyň ýazynda ylmy-barlag işlerini dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ekspedisiýanyň işiniň indiki tapgyry Margianada geçirilen ähli ýyllaryň dowamynda gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan we Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanylýan arheologik tapyndylary öwrenmekden ybarat bolar.