Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitine gatnaşmak üçin Ankarada saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi diýip, tccb.gov.tr habar berýär.
Gepleşikler Prezident toplumynda geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Liderler Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem sebitara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä sapary dowam edýär.