Turkmenportal logo
30.10.2026
1398513985
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan türki döwletlere media hyzmatdaşlygynyň bäş ugruny teklip etdi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew Ankarada geçirilen «Türk dünýäsinde media we kommunikasiýalar» atly panel mejlisinde çykyş etdi. «Turkmenportal» neşiriniň habarçysynyň berýän maglumatyna görä, 30–31-nji oktýabr aralygynda geçirilýän forum Türkiýäniň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirligi tarapyndan guraldy.

Annasähet Kakaýew bu gezek Türk dünýäsiniň dialog forumyna ilkinji gezek gatnaşýar. Ol öz çykyşynda maglumatlaryň halklary ýakynlaşdyrýan we jemgyýetçilik pikirini kemala getirýän möhüm güýje öwrülendigini, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipesiniň bolsa özara ynamy we hormaty berkitmekden ybaratdygyny belledi. Onuň sözlerine görä, habarlaryň ýaýraýyş tizliginiň ýokarlanmagy bilen birlikde, olaryň takyklygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmegiň zerurlygy hem artýar.

Türkmenistanyň wekili türki döwletleriň arasyndaky maglumat hyzmatdaşlygynyň mazmunyny baýlaşdyrmak üçin bäş ugur boýunça tekliplerini öňe sürdi. Birinji ugur hökmünde telewideniýe we radio ýaýlymlarynyň, şeýle hem habarlar agentlikleriniň arasynda ygtybarly maglumatlaryň alyş-çalşygyny giňeltmek teklip edildi. Ikinji ugur bilelikdäki media taslamalaryny ösdürmekden ybaratdyr. Munuň çäklerinde umumy taryh we medeni miras barada teleýaýlymlaryň gepleşiklerini, dokumental filmleri we söhbetdeşlikleri taýýarlamak, olary dürli dillerde subtitrler we seslendirme arkaly ýaýratmak göz öňünde tutulýar. Üçünji ugur sanly giňişlikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Bu ugurda ýaş tomaşaçylar üçin häzirki zaman formatlarynda milli mazmunly media önümlerini döretmek boýunça tejribe alyşmak teklip edildi.

Dördünji ugur hökmünde maglumatlaryň bitewüligi we media sowatlylygy bellenildi. Annasähet Kakaýew maglumat çeşmelerini barlamagyň we faktlary deňeşdirip seljermegiň ähmiýetini nygtady. Emeli aňyň ulanylmagy barada aýdylanda bolsa, onuň aç-açanlyk, awtorlyk hukuklaryna hormat goýmak, şahsy maglumatlary goramak we taryhy hakykatyň ýoýulmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanmalydygyny aýtdy. Bäşinji ugur ýaş žurnalistleriň, redaktorlaryň, režissýorlaryň, operatorlaryň, ses we sanly tehnologiýalar boýunça hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin ussatlyk sapaklaryny, okuw maslahatlaryny we hünär tejribeligini guramak, şeýle hem telewideniýe, radio we kino arhiwlerini sanly görnüşe geçirmek teklip edildi.

Öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen,  Türkmenistanyň  wekili türki döwletleriň media edaralarynyň arasynda yzygiderli iş gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we möhüm medeni hem-de media wakalary barada öňünden maglumat alyşmagyň mehanizmlerini işläp düzmegi teklip etdi. Şunda hyzmatdaşlygyň taraplaryň milli kanunçylygyna we redaksion garaşsyzlygyna hormat goýmak esasynda alnyp barylmalydygyny aýratyn nygtady.

Annasähet Kakayew Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýandygyny ýatlatdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we umumy bähbitler ýörelgeleri esasynda türki döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Mundan başga-da, ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge we sanly tehnologiýalardan giňden peýdalanmaga aýratyn üns berilýändigini belledi.