Turkmenportal
30.10.2026
71947194
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebapdaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 9 aýda 18 müň kub metre golaý önüm taýýarlandy

Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 2026-njy ýylyň geçen 9 aýynyň jemi boýunça 17 müň 976 kub metr gurnama demirbeton önümleri taýýarlanyldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada degişli döwürde 19 million 90 müň 645 manatlyk iş alnyp baryldy. Bellenilen meýilnama 100,1 göterim berjaý edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgini 103,71 göterime ýetirildi.

Durky döwrebaplaşdyrylan bu kärhanada demirbeton önümleriniň 10-dan gowrak görnüşi taýýarlanylýar. Esasan-da, bu ýerde öndürilýän köp boşlukly örtgi plitalary, ýol üçin jähek daşlary, demirbeton sütünleri we bloklar, haýatlar, kerpiç bloklar ýurduň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyklarda giňden ulanylýar.

Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 50 müň kub metre çenli demirbeton önümlerini öndürmeklige niýetlenilen. Önümçilik, esasan, beton garyjy, armatura hem-de galyplaýjy önümhanalaryndan ybarat bolup, Germaniýa, Italiýa, Türkiýe ýaly ösen döwletleriň kämil tehnologik enjamlarynyň sazlaşykly işine daýanýar.