Turkmenportal
30.10.2026
58385838
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebapda sement önümçiligi artýar

Lebap welaýatynda ýerleşýän sement zawodynda şu ýylyň başyndan bäri öndürilen önümiň möçberi 1,5 million tonnadan geçdi. Geçen ýylyň degişli döwründe Lebap sement zawodynda 1 million 127 müň tonna sement öndürilen bolsa, şu ýylyň hasabat döwründe bu görkeziji 377 müň tonna golaý artdy. Bu bolsa zawodda sement önümçiliginiň ýokary depginde dowam etdirilýändigini görkezýär.

Bellenilişi ýaly, ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 million tonna deň bolan bu senagat toplumynyň birinji we ikinji tapgyrlarynda jemi 1 million 530 müň tonnadan gowrak sement taýýarlanyldy. Şu ýylky öndürilen önümiň möçberi eýýäm şol derejä golaýlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.