Turkmenportal
30.10.2026
98669866
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Gözel Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi» atly sergi açyldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Gözel Hytaý: Sinszýanyň sungaty we gözelligi» atly fotosurat, nakgaşlyk we grafika eserleriniň sergisiniň dabaraly açylyşy boldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, sergi Hytaýyň Bütinhytaý edebiýat we sungat işgärleri birleşiginiň halkara gatnaşyklary bölümi, Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň Edebiýat we sungat işgärleri birleşigi hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow, şeýle hem Hytaýyň Bütinhytaý edebiýat we sungat işgärleri birleşiginiň başlygynyň orunbasary, Sinszýanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Kuaý Çženmin gatnaşdylar.

«Hytaý bilen Türkmenistan gadymy taryha eýe bolan ýurtlardyr. Bizi Beýik Ýüpek ýoly berk baglanyşdyrýar. Soňky ýyllarda medeni merkezleri özara döretmek baradaky ylalaşyklardan başlap, “Lu Ban ussahanasynyň” we Hytaý lukmançylygy merkeziniň açylmagyna çenli ynsanperwer hyzmatdaşlygymyzyň mazmuny has-da baýlaşdy. Bu sungat eserleriniň üsti bilen türkmen dostlarymyzyň sazlaşyklylygy, agzybirligi, açyklygy we ösüşi bilen tapawutlanýan Sinszýan sebiti bilen has ýakyndan tanyşmaklaryna mümkinçilik döreder diýip umyt edýäris» — diýip, ilçi Szi Şumin açylyş dabarasyndaky çykyşynda belledi.

Sergide görkezilýän eserler Sinszýanyň hakyky we janly keşbini açyp görkezýär. Fotosuratlarda häzirki zaman kärhanalarynyň kuwwaty, şäherleriň döwrebap keşbi, Týan-Şan daglarynyň we jülgeleriň ajaýyp tebigaty şöhlelendirilýär. Şeýle hem olar döwrüň ruhuny we adamlaryň gündelik durmuşyny, olaryň mähirli ýylgyryşlaryny beýan edýär.

Nakgaşlyk eserleri we däp bolan grafika işleri tomaşaçylary hytaý filosofiýasynyň çuňňur dünýäsi bilen tanyşdyrmak bilen bir hatarda, halklaryň däp-dessurlaryny we dost-doganlygyny açyp görkezýär.

Sergi 11-nji noýabra çenli ähli sungat muşdaklary üçin açyk bolar.