Turkmenportal logo
29.10.2026
1315513155
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ankarada Türki döwletleriň guramasynyň 13-nji sammiti geçirilýär

Ankarada 29-njy oktýabrda Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) 13-nji sammiti başlandy. Ilkinji çäre guramanyň Daşary işler ministrler geňeşiniň mejlisi boldy. Çäräni kabul edýän tarap hökmünde Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan çykyş etdi.

Agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bu ýyl eýýäm bäşinji gezek bir ýere ýygnandylar. Gün tertibinde guramanyň hyzmatdaşlygy we edaralaýyn ösüşi, dolandyryş we maliýe meseleleri, şeýle hem umumy aragatnaşyklary anyk taslamalara öwürmek meseleleri durýar. Mejlisde Türkmenistana ýurduň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew wekilçilik edýär.

Taraplar energetika, söwda, maýa goýumlary, sanly transformasiýa we goranmak senagaty ulgamlarynda özara gatnaşyklary güýçlendirmägi meýilleşdirýärler.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň başlyklygynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň sammiti 30-njy oktýabra bellenildi. Şol gün Türki dünýäsiniň Zenanlar diplomatiýasy forumy hem geçiriler, guramaçylaryň sözlerine görä, Türki döwletleriniň Zenanlar we maşgala işleri boýunça geňeşini döretmäge taýýarlyk işleri jemleýji tapgyrda alnyp barylýar. Ankarada 29-njy oktýabrda şeýle hem türki ýurtlaryň taryhy we medeni mirasyna bagyşlanan çäreler we resmi kabul edişlik guraldy.

Türk metbugatynyň berýän maglumatlaryna görä, gatnaşyjylar «Türki dünýäsiniň asyry» diýlip atlandyrylan ýol kartasyny maslahatlaşarlar. Türkiýe sammitiň dowamynda gurama gezekleşikli başlyklygy kabul eder.

Ankara sammiti bu gurluşyň 2009-njy ýylda döredileninden bäri Liderleriň 13-nji duşuşygy bolar. Gurama, ilki, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi hökmünde düýbi tutuldy, häzirki adyny bolsa 2021-nji ýyldaky Stambul sammitinde aldy.