Turkmenportal logo
28.10.2026
1228712287
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gulmanowa Täjigistanyň parlament wekillerini Aşgabatda geçiriljek halkara hukuk boýunça maslahata gatnaşmaga çagyrdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa Täjikistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň Namoýandagon Majlisiniň başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşdy. Gepleşikler 28-nji oktýabrda Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň IV Parlamentara forumynyň çäklerinde geçirildi.

Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň habar bermegine görä, Faýzali Idizoda Täjigistanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara we strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Onuň bellemegine görä, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri geçen üç onýyllykdan gowrak wagtyň dowamynda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döredildi we ol 138 resminamany öz içine alýar.

Täjik tarapy dostluk we parlamentara hyzmatdaşlyk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegi, parlamentleriň komitetleriniň we degişli komissiýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegi, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagy hem-de halkara parlament guramalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamagy teklip etdi. Faýzali Idizoda iki ýurduň BMG-niň, GDA-nyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny hem belledi. Ekologik howpsuzlyk babatda bolsa suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagy we Aral deňziniň sebitiniň meselelerini ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi.

Türkmen tarapynyň habar bermegine görä, Dünýägözel Gulmanowa iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini nygtady. Ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukugyň ýyly» atly kararnamasyny goldandygy üçin Täjigistana minnetdarlyk bildirdi. Mejlisiň başlygynyň bellemegine görä, bu resminama halkara hukugyň ornunyň ýokarlandyrylmagyna, parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.

Dünýägözel Gulmanowa Faýzali Idizodany we Täjigistanyň parlament wekillerini Türkmenistanda geçiriljek birnäçe çärä gatnaşmaga çagyrdy:

  • «ÝHHG-niň çäklerinde dialogyň, ynamyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyň ilerledilmegi» atly üçünji Aşgabat maslahatyna;

  • Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine;

  • Bitaraplyk dostlary toparyna girýän ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygyna. Duşuşyk garyşyk görnüşde geçiriler.

«Howar» agentliginiň maglumatynda parlament diplomatiýasynyň döwletara dialogyň üstüni ýetirip, umumy sebit meseleleriniň çözülmegine ýardam berip biljekdigi bellenilýär.