Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda estrada sungaty kafedrasynyň Konsertler hepdeliginiň jemleýji çäresi bolan karaoke bäsleşik-konserti geçirildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, bäsleşige her biri alty adamdan ybarat dört topar gatnaşdy.

Birinji topara Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň okuwçylary, ikinji topara Ahal welaýatynyň sazçylyk okuw mekdebiniň talyplary, üçünji topara konserwatoriýanyň kiçi okuw ýyllarynyň talyplary, dördünji topara bolsa konserwatoriýanyň uly okuw ýyllarynyň talyplary wekilçilik etdiler.
Bäsleşigiň dowamynda meşhur türkmen we daşary ýurt aýdymçylarynyň repertuaryndan köp sanly söýlüp diňlenýän aýdymlar ýerine ýetirildi.

Konserti estrada sungaty kafedrasynyň müdiri Maýsa Mämmetjumaýewa alyp bardy. Gatnaşyjylaryň çykyşlaryna eminler toparynyň agzalary tarapyndan 10 bally ulgam boýunça baha berildi.
Bäsleşigiň netijelerine görä, konserwatoriýanyň uly okuw ýyllarynyň talyplaryndan düzülen topar ýeňiji boldy.