Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen «Dostluk ýoly» atly konsert aşgabatly diňleýjilere gazak medeniýetiniň baý dünýäsini hödürledi. Bu barada HHM habar berdi.
Baýramçylyk maksatnamasyny Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew açdy.
Soňra Gaziza Žubanowa adyndaky Aktobe welaýat filarmoniýasynyň artistleri öz ussatlyklaryny görkezdiler.
«Dauys» wokal ansambly häzirki zaman äheňinde işlenilen köp sesli halk aýdymlary bilen tomaşaçylary haýran galdyrdy. «AStandard/Akku» topary bolsa milli tanslary ýerine ýetirdi.
Gazak halk saz gurallary orkestriniň çykyşy we solist Oral-Kosaý Baýsengiriň beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen eserleri ýerine ýetirmegi agşama aýratyn öwüşgin berdi.
Konsert maksatnamasynyň çäginde türkmen medeniýetine bagyşlanan sazlar hem ýerine ýetirildi.
Habarda bellenilişine görä, Ahmet Žubanow adyndaky orkestriň çeper ýolbaşçysy, Gazagystanyň at gazanan işgäri Nurken Aşirow «Bibijan» atly türkmen halk aýdymy bilen bagly döreden awtorlyk wariasiýa-fantaziýasyny we Daňatar Öwezowyň «Leýli-Mejnun» operasyna uwerturany hödürledi.