Turkmenportal
23.10.2026
1481514815
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işini tamamlady

23-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi üç günlük iş maksatnamasyny tamamlady. 21–23-nji oktýabr aralygynda geçirilen forum «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» şygary astynda guraldy. Çäräni «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy gurady. «Turkmen Energy Forum» bolsa çäräniň bilelikde guraýjysy hökmünde çykyş etdi. Forum döwlet edaralarynyň, milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, «EPC» potratçy kompaniýalarynyň, tehnologiýa üpjün edijileriniň, maliýe guramalarynyň hem-de maýadarlaryň wekillerini bir ýere jemledi. Geçen ýyl «OGT» forumyna 70 ýurtdan 1 400-den gowrak wekiliýet gatnaşdy.

Forumyň baş hyzmatdaşlary «SOCAR» we «PETRONAS» kompaniýalary boldy. «XRG» (ADNOC) hem-de «Dragon Oil» kompaniýalary göwher derejesindäki hemaýatkärler, «CNPC» bolsa platina derejesindäki hemaýatkär hökmünde çykyş etdiler. Altyn derejesindäki hemaýatkärleriň hatarynda «Çalık Enerji», «Ýug-Neftegaz», «Sinopec», «Auguste Oil & Energy», «SLB» we «CB&I» kompaniýalary boldy. «Baker Hughes» kompaniýasy kümüş derejesindäki hemaýatkär boldy. Forumyň tehniki hyzmatdaşlary «GaffneyCline» we «SPE» kompaniýalary onuň maksatnamasyna gatnaşdylar. «S&P Global Energy» kompaniýasy intellektual hyzmatdaş hökmünde çykyş etdi. «Turkish Airlines» bolsa forumyň resmi howa gatnawyny amala aşyrýan kompaniýasy boldy.

Açylyş dabarasy we umumy mejlisler

Forumyň iş maksatnamasy 21-nji oktýabrda başlandy. Irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sergi açyldy, günüň ikinji ýarymynda bolsa «Türkmenistanyň energetika strategiýasy: sebitara arabaglanyşyk we halkara hyzmatdaşlygy» atly açylyş umumy mejlisi geçirildi. Mejlise wise-premýer Guwanç Agajanow, Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaosžýun Greýs Wan, «SOCAR» kompaniýasynyň prezidenti Rowşan Najaf, «PETRONAS» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, «XRG» (ADNOC) kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Abdulla Al Şamsi we «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Abdulkarim Al-Maazmi gatnaşdylar. Forumyň ähli mejlislerine «APCO Worldwide» kompaniýasynyň wekili Jon Defterios alyp baryjylyk etdi.

Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny aýtdy. Ol «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistanda 1996-njy ýyldan bäri iş alyp barýandygyny, şu ýylyň iýun aýynda bolsa taraplaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda çarçuwaly ylalaşyga gol çekendiklerini ýatlatdy. Ministriň bellemegine görä, hyzmatdaşlygyň netijeliligine diňe baglaşylan şertnamalaryň sany boýunça däl-de, eýsem, kabul edýän ýurda getirýän peýdasy — täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýerli üpjün edijiler üçin mümkinçilikleriň giňelmegi we hünär başarnyklarynyň paýlaşylmagy boýunça hem baha berilmelidir. Sergide Malaýziýa nebitgaz hyzmatlary we enjamlary pudagynda işleýän 15-den gowrak kompaniýa wekilçilik etdi. Olaryň ýedisi ýurduň ilkinji milli pawilýonynda öz diwarlyklaryny ýerleşdirdi.

«Dünýä energetikasynyň geljegi: taslamalar, tehnologiýalar we ösüş» atly strategik umumy mejlisde Türkmenistanyň Döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew çykyş etdi. Ol gaz pudagyny ösdürmegiň toplumlaýyn iş bolup durýandygyny we bu ugurdaky esasy maksatlaryň 2030-njy ýyla çenli nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasy arkaly kesgitlenýändigini belledi. Uzak möhletleýin maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmekden ybaratdyr. «Gaffney, Cline & Associates» kompaniýasynyň bahalandyrmagyna görä, bu käniň, şeýle hem «Garaköl» we «Ýaşlar» gurluşlarynyň gaz gorlary 27,4 trillion kub metre barabardyr. Dördünji tapgyryň işleri 17-nji aprelde Mary welaýatynda başlandy. Taslama guýulary burawlamagy we ýylda 10 milliard kub metr gaz taýýarlamaga ukyply desgany gurmagy göz öňünde tutýar. Taslamanyň hyzmatdaşy «CNPC» kompaniýasy bolup, işler tamamlanandan soň 1 000-den gowrak iş ornunyň döredilmegine garaşylýar.

Maksat Babaýew Hytaýyň türkmen gazynyň iň iri importçysy bolmagynda galýandygyny nygtady. 2009-njy ýylyň dekabryndan bäri Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi arkaly 477 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi. Ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre çenli bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäklerinde Serhetabatdan Hyrada çenli Owganystan böleginiň gurluşygy bellenen tertipde alnyp barylýar. Bu gaz geçiriji arkaly gaz iberilmegine 2027-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Türkmenistan gündogar, günorta we günbatar ugurlary boýunça gaz eksportyny ösdürmekde ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny alyp barýar. «Türkmengaz» döwlet konserni awtomatlaşdyrma, sanly modelleşdirme, gaz känlerini akylly dolandyryş ulgamlary, hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem metan zyňyndylaryny azaltmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.

Panel çekişmeleri

Forumyň ilkinji güni üç sany panel mejlisi bilen dowam etdi. Gatnaşyjylar sebitde energetika we infrastruktura arabaglanyşygyny, eksport ugurlaryny hem-de uzak möhletleýin bazarlary, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny we Hazar deňziniň üsti bilen geçýän ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra «ADNOC», «ENI», «Dragon Oil», «Schlumberger» we «Baker Hughes» kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara hyzmatdaşlygy boýunça energetika dialogy geçirildi. Günüň ahyrynda gaz pudagyny ösdürmäge bagyşlanan mejlis boldy. Onda «Galkynyş» gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmek, önümçilik kuwwatyny artdyrmak we gazy gaýtadan işlemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Sapar Begjanow ýylda 5 milliard kub metre çenli gaz kabul edip biljek ýerasty gaz ammaryny gurmak meýilnamalary barada habar berdi. Şeýle hem konsern hereket edýän desgalaryň deregine täze «Şatlyk» we «Garagum» kompressor stansiýalaryny gurmagy göz öňünde tutýar. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda gazy taýýarlamak we arassalamak ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de enjamlaryň tehniki ýagdaýyny anyklamak üçin döwrebap ulgamlary ulanmak görkezildi.

22-nji oktýabrda geçirilen mejlislerde Hazar deňziniň türkmen bölegine aýratyn üns berildi. Deňiz ýalpaklygynda geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, seýsmiki barlaglar, ýaňy-ýakynda baglaşylan önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamalar we deňiz infrastrukturasyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çekişmelere «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Perenco», «PETRONAS Carigali», «Dragon Oil» we «Schlumberger» kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Başga bir mejlis tebigy gazyň ykdysady taýdan netijeli peýdalanylmagyna, gaz-himiýa pudagynyň ösdürilmegine we goşmaça gymmaty ýokary bolan önümleri öndürmäge bagyşlandy. Ýene bir mejlis geljegiň energetika pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak, sanly özgertmeler we emeli aň tehnologiýalary bilen bagly meselelere gönükdirildi. Şol bir wagtyň özünde «SPE» guramasynyň Türkmen bölüminiň energetika pudagynyň işgärler kuwwatyna bagyşlanan tegelek stol duşuşygy geçirildi.

23-nji oktýabrda, forumyň jemleýji gününde metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tehniki mejlis geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Şol bir wagtda Söwda-senagat edarasynda nebitgaz hyzmatlary we enjamlary pudagynda energetika hyzmatdaşlygyna bagyşlanan «Türkmenistan — Malaýziýa» atly tegelek stol duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri, döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gol çekilen resminamalar

22-nji oktýabrda geçirilen halkara maslahatyň çäklerinde «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri daşary ýurt kompaniýalary bilen üç şertnama we iki ähtnama baglaşdylar.

  • «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli deňiz nebit korporasiýasy (CNOOC) Hazar deňziniň türkmen bölegindäki bloklar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekdiler. Resminama konserniň başlygy Guwanç Agajanow we «CNOOC» kompaniýasynyň başlygy Çžan Çuanszýan gol çekdiler.

  • «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Malaysian Petroleum Resources Corporation» kompaniýasy nebitgaz hyzmatlary we enjamlary ulgamynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler. Korporasiýanyň adyndan resminama onuň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Ýazid Jafar gol çekdi.

  • «Türkmennebit» döwlet konserni turbalary satyn almak boýunça iki şertnama baglaşdy. Olaryň biri Hytaýyň «TENERGY TIANJIN CO., LTD» kompaniýasy bilen baglaşyldy. Resminama kompaniýanyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Samiulla Gulam Sahi gol çekdi. Ikinji şertnama Gazagystanyň «KSP Steel» kompaniýasy bilen baglaşylyp, oňa kompaniýanyň satuwlar boýunça direktory Bauržan Kožabekow gol çekdi.

  • «Türkmengaz» döwlet konserni Özbegistanyň «Daşkendiň Galperin adyndaky turba zawody» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen turbalary satyn almak boýunça şertnama baglaşdy. Resminama Maksat Babaýew we kärhananyň direktory Wiktoriýa Susepina gol çekdiler.

Ýapylyş dabarasy

Maksatnama laýyklykda, 23-nji oktýabrda forumyň jemlerine bagyşlanan ýapylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda netijeler jemlenildi, tapawutlanan gatnaşyjylar sylaglanyldy we gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmesi kabul edildi. Şondan soň resmi metbugat maslahaty geçirildi. Forum işewürlik günortanlygy, şeýle hem wekiliýetleriň agzalarynyň ministrlikleriň we döwlet kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary arkaly öz işini tamamlady.