Turkmenportal
22.10.2026
1265912659
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dört ýurduň kompaniýalary Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen resminamalara gol çekdiler

«Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri daşary ýurt kompaniýalary bilen üç şertnama baglaşdylar we iki sany özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy 22-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly halkara maslahatyň çäklerinde geçirildi.

«Türkmennebit» döwlet konserni bilen Hytaýyň «Milli deňiz nebit korporasiýasy» (CNOOC) Hazar deňziniň türkmen bölegindäki bloklar boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler. Resminama «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow we «CNOOC» kompaniýasynyň başlygy Çžan Çuançzýan gol çekdiler.

«Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Malaysian Petroleum Resources Corporation» kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda hyzmatlar we enjamlar bilen üpjünçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler. Korporasiýanyň adyndan resminama onuň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Ýazid Jafar gol çekdi.

Mundan başga-da, «Türkmennebit» döwlet konserni dürli görnüşli turbalary satyn almak boýunça iki şertnama baglaşdy. Birinji şertnama Hytaýyň «TENERGY TIANJIN CO., LTD» kompaniýasy bilen baglaşyldy. Oňa kompaniýanyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Samiulla Gulam Sahi gol çekdi. Ikinji şertnama Gazagystanyň «KSP Steel» kompaniýasy bilen baglaşyldy. Resminama kompaniýanyň satuwlar boýunça direktory Bauržan Kožabekow gol çekdi.

«Türkmengaz» döwlet konserni bolsa Özbegistanyň «Daşkendiň Galperin adyndaky turba zawody» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen dürli görnüşli turbalary satyn almak boýunça şertnama baglaşdy. Resminama Türkmenistanyň Döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew we kärhananyň direktory Wiktoriýa Susepina gol çekdiler.