Turkmenportal
21.10.2026
85448544
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«BOTAŞ» kompaniýasy gaz pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Türkiýäniň «BOTAŞ» milli turbageçirijiler kompaniýasy Türkmenistandan tebigy gazy uzak möhletleýin esasda ibermek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Abdulwahit Fidan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahatynda çykyş edende mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, 2025-nji ýylda türkmen gazynyň Türkiýä iberilip başlanmagy möhüm tapgyr boldy we «has giň gerimli hyzmatdaşlygyň» başlangyjyna öwrüldi. «Indiki maksadymyz — gazanylan bu üstünlikden ugur alyp, gaz üpjünçiligi babatda uzak möhletleýin we berk gatnaşyklary ýola goýmak» — diýip, ol belledi.

Fidan iýun aýynda Aşgabatda Hökümetara ykdysady toparyň dokuzynjy mejlisiniň geçirilendigini ýatlatdy. Şol duşuşykda taraplar energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Ol sebitde energetika gatnaşyklaryny berkitmegi Türkiýäniň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri diýip atlandyrdy. «Şu nukdaýnazardan, türkmen gazyny Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly Türkiýä ýetirmek, soňra bolsa Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermek strategik maksat bolup galýar» — diýip, «BOTAŞ» kompaniýasynyň ýolbaşçysy nygtady.

Onuň pikiriçe, Türkiýäniň ösen gaz infrastrukturasynyň bolmagy we «BOTAŞ» kompaniýasynyň dürli bazarlara çykmak mümkinçilikleri bu maksada ýetmek üçin möhüm şertleri döredýär. Şol mümkinçilikleri durmuşa geçirilýän taslamalara öwürmek üçin gaz öndürijileriň, daşaýjylaryň we alyjylaryň tehniki hem-de täjirçilik meseleleri boýunça özara ylalaşyga gelmegi zerurdyr — diýip, ol belledi. «Ähli taraplaryň hyzmatdaşlygy aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolar» — diýip, Fidan sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol kompaniýanyň bu ugurdaky işleri goldamaga, şeýle hem türkmen hyzmatdaşlary we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlykda gaz üpjünçiligi, daşalyşy we söwdasy boýunça öz tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy. Fidanyň ynamyna görä, umumy maksatlary anyk taslamalara öwürmek iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berer.

Uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada aýdanda, Fidan munuň üçin diňe bir gaz gorlarynyň bolmagynyň ýeterlik däldigini belledi. Onuň sözlerine görä, ýangyjy sarp edijilere ýetirmek üçin zerur infrastruktura, şeýle hem gaz üpjünçiliginiň durnuklylygyny üpjün etjek berk işewürlik gatnaşyklary hem möhümdir. Ol hyzmatdaşlygyň türkmen gazy üçin täze bazarlary açmagyna umyt bildirdi. Ilki bilen Türkiýe bazaryna, soňra bolsa Türkiýäniň çäginiň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmak mümkinçilikleriniň döremegi türkmen halky we sebit ýurtlarynyň halklary üçin uzak möhletleýin peýda getirer hem-de sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder diýip, «BOTAŞ» kompaniýasynyň ýolbaşçysy aýtdy.